HPG sanly walýuta platformasyny döretmek üçin Merkezi banklary birikdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
HPG sanly walýuta platformasyny döretmek üçin Merkezi banklary birikdirýär
Halkara Pul Gaznasynyň merkezi edara binasy, Waşington, ABŞ (Surat: Karen Bleier/AFP)

Halkara Pul Gaznasy (HPG) halkara amallary ýeňilleşdirmek maksady bilen merkezi bankyň sanly walýutalary (CBDC) üçin platforma döredýär. Bu barada HPG-nyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewanyň aýdanlaryna salgylanyp, “Reuters” agentligi duşenbe güni habar berdi.

“CBDC milli teklipleri biri-birinden tapawutlandyrmaly däldir. Has netijeli we adalatly amallar üçin ýurtlary birleşdirýän ulgamlar gerek: bize özara baglanyşyk gerek” diýip, Kristalina Georgiýewa Marokkanyň Rabat şäherinde Afrikanyň merkezi banklary tarapyndan geçirilen konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

“Şuny göz öňünde tutup, HPG bütindünýä merkezi bankyň sanly walýutalarynyň platformasy barada düşünje döredýär” diýip, HPG-nyň dolandyryjy direktory belledi. HPG bütindünýä laýyklygy üpjün etmek maksady bilen merkezi banklary sanly walýutalaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynda ylalaşyga gelmäge çagyrýar.

Häzirki wagtda 114 sany merkezi bank sanly walýutalary döretmek mümkinçiliklerini öwrenýärler we olaryň takmynan 10-sy ony işläp düzmegi tamamlady.

Sanly walýuta diňe sanly görnüşde bar bolan puluň bir görnüşi bolup, ol elektron pul, elektron walýuta ýa-da kiber pul hökmünde atlandyrylýar. Sanly walýuta tölegleri bökdençsiz we amatly geçirmek, has şahsy goraglylyk hem-de howpsuzlyk ýaly birnäçe artykmaçlygy hödürleýär.

Türkmenistan Halkara pul gaznasyna 1992-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda agza boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022