Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň wekilleri Nukus şäherinde toýnakly haýwanlaryň özboluşly görnüşleriniň ýaşaýan ýeri bolan Üstýurt geografik sebitinde serhetüsti goraghanany döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “DAZ Asia” gazeti penşenbe güni habar berdi.
Nukus şäherinde geçirilen duşuşygyň çäginde Aral deňzine ekspedisiýa gurnaldy we oňa gatnaşyjylar tebigaty goramak çäreleri bilen tanyşdylar.
Bu çäre Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin taslamanyň çäginde gurnaldy.
Özbegistanyň Samarkant şäherinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda ýabany haýwanlaryň göçüp ýörýän görnüşlerini gorap saklamak baradaky Konwensiýa (CMS COP14) gatnaşýan döwletleriň konferensiýasy geçiriler. Onuň dowamynda Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan Üstýurt serhet üçburçlugynda tebigaty gorap saklamak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Üstýurt geografik sebiti Birleşen Milletler Guramasynyň ýabany haýwanlaryň göçüp ýörýän görnüşlerini goramak baradaky Konwensiýasynyň Merkezi Aziýa süýdemdirijiler başlangyjy tarapyndan serhetüsti nokat hökmünde bellenildi. Üstýurt geografik sebitinde serhetüsti goraghananyň döredilmegi sebitiň özboluşly tebigatyny gorap saklamakda we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm ädim bolup biler.