Maryly telekeçiniň maldarçylyk toplumynda 1100 sany gara mal idedilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryly telekeçiniň maldarçylyk toplumynda 1100 sany gara mal idedilýär
Simmental tohumly gara mallar (Surat: herkulciftligi.com)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Nury Annaöwezowyň maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda gara mallaryň 1100 baş sany idedilip, olaryň 60-a golaýy simmental, 500-den gowragy golştin tohumly gara mallardyr. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Maldarçylyk toplumy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşip, onda işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär.

Habarda bellenilişi ýaly, simmental we golştin tohumly mallar süňňüniň iriligi hem-de ýokary süýt berijiligi bilen tapawutlanyp, biziň howa şertlerimize-de oňat uýgunlaşýarlar. Bu ýerde idedilýän gara mallaryň galan bölegi ýerli tohuma degişli bolup durýar.

Şeýle hem telekeçi Nury Annaöwezowyň maldarçylyk toplumynda dowarlaryň 3800-e golaý baş sany saklanýar.

 Maldarçylyk toplumynyň iým binýady üçin Wekilbazar etrabynyň çäginde 400 gektar ýerde mekgejöwen, arpa, ýorunja ýaly mallar üçin peýdaly ot-iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022