Kakaonyň bahasy soňky ýedi ýylda iň ýokary derejä ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kakaonyň bahasy soňky ýedi ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Ýewropa bilen Aziýa ýurtlarynda kakao önümlerine bolan isleg ýokarlanýar.

Kakaonyň global bahalary ýokarlanýar we bu bolsa şokolad öndürjilerine göniden-göni täsir edýär. Bu barada “CNN Business” penşenbe güni habar berdi.

Global kakao hasyly howa şertleri, ekinleriň ýaramaz ýagdaýy we güýçli ýagyş sebäli ejir çekýär. Emma ýetmezçilige garamazdan, esasan hem Ýewropa bilen Aziýa ýurtlarynda kakao önümlerine bolan isleg ýokarlanýar. Netijede, şu ýyl kakaonyň bahasy 21 göterim ýokarlandy. Bu bolsa üpjünçiligiň islegi kanagatlandyryp bilmejekdigini görkezýär.

Ösümlik kesselleri we güýçli ýagyş sebäpli häzirki möwsümdäki kakao hasyly örän pes bolup, indiki möwsüm tropiki Ýuwaş Ummanyň “El Niño” howa hadysasy sebäpli hasam erbet bolup biler diýlip garaşylýar. Bu önümi dünýäniň iň köp öndürijisi bolan Piliory kenarynda güýçli ýagyşyň we çygly howanyň ösümlik keselleriniň döremek ähtimallygyny ýokarlandyrýandygy sebäpli ýaz we güýz hasylyny has hem yza süýşirip biler.

Halkara Kakao Guramasynyň aprel aýyndaky hasabatynda önümçiligiň azalmagy sebäpli 2022-2023-nji ýyllarynyň kakao möwsüminde üpjünçilik ýetmezçiligi çaklanylýar. Ösümlik keseli zerarly kakao hasylynyň ýakyn aýlarda hem ejir çekmegini dowam etdirer diýlip garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022