Türkmenistan bilen Dagystan yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Dagystan yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Mahaçkala söwda deňiz porty, Dagestan, Russiýa (Surat: casp-geo.ru)

Türkmenistan bilen Dagystan şu ýylyň ahyryna çenli yzygiderli gämi gatnaw hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Elizarowyň Dagystanyň hökümetiniň başlygy Abdulmuslim Abdulmuslimow bilen penşenbe güni Mahaçkalada geçirilen duşuşygynyň netijeleri boýunça aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.

Aleksandr Elizarow konteýner ýüklerini daşamak üçin ilkinji yzygiderli ýük gämisiniň Türkmenbaşy şäheri bilen Dagystanyň paýtagty Mahaçkalanyň arasynda ýola goýuljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Russiýanyň söwda wekili Dagystan bilen Türkmenistanyň esasy dört ugurda, ýagny ulag arkaly ýük daşama, oba hojalygy, gurluşyk materiallarynyň senagaty we medeni alyş-çalyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Mahaçkala söwda deňiz porty, Russiýanyň Hazar deňzindäki ýeke-täk doňmaýan we çuň suw portydyr.

2022