Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçirildi
“Akylly şäher” Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy, 2023-nji ýylyň 30-njy iýuny, Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Arkadag şäherinde ýerleşýän “Märkaw” myhmanhanasynda anna güni “Akylly şäher” Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Foruma türkmen telekeçileri bilen bir hatarda, 10-dan gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, halkara maýa goýum forumynyň birinji bölümçesinde ösüşiň geljegi we şäherlerdäki täze tehnologiýalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Ikinji bölümçede bolsa “John Deere” kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça wise-prezidenti, “JCD UK LTD” kompaniýasynyň Halkara satuwlar boýunça sebitleýin müdiri, Täjigistanyň “Samo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy şeýle hem türkmen maýa goýumçylary çykyş etdiler. 

Şeýle-de onuň dowamynda “Akylly” şäheriň sanly infrastrukturasy we sanly innowasion tehnologiýalar boýunça çykyşlar diňlenildi.

“Akylly şäher” Arkadag” atly halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we birnäçe resminamalara gol çekildi.

2022