2023: Türkmenistanyň telekeçileriniň paýy JIÖ-niň möçberinde 71,3%-e deň bolmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Türkmenistanyň telekeçileriniň paýy JIÖ-niň möçberinde 71,3%-e deň bolmagyna garaşylýar
“Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy, 2023-nji ýylyň 30-njy iýuny, Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda telekeçileriň paýy ýyl-ýyldan artýar we 2023-nji ýylda bu görkezijiniň jemi içerki önümiň möçberinde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 71,3 göterime deň bolmagyna garaşylýar diýlip, anna güni Arkadag şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumynyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlarynda aýdyldy.

Foruma gatnaşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýygnananlary öz kärhanalarynyň alyp barýan işleri hem-de olaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylara ýurduň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary üçin ýeňillikleri göz öňünde tutýan salgyt salmak düzgüni barada maglumatlar berildi.

Forumyň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdy senagat, ylmy-tehnologik we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Mundan başga-da, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň we daşary ýurt işewürler bileleşiginiň wekilleri tanyşdyryşlar hem-de içgin pikir alyşmalar esasynda türkmen tarapynyň teklip eden innowasion taslamalaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň maksadalaýyklygyna baha berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi. Şeýle hem eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022