Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin “Arkadag şäheri — halkyň buýsanjy” atly täze möhletli goýumyny hödürleýär.
Bu möhletli goýum ýyllyk 11% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, goýumyň iň az möçberi 500 (bäş ýüz) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedik. Goýuma pul serişdeleri nagt ýa-da aýlyk zähmet haky, pensiýa we döwlet kömek pul tölegleri geçirilýän “Altyn asyr” bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde kabul edilip bilner.
Şeýle hem bu goýumyň üstüni dolmak mümkinçiligi döredilip, täze goýum 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
“Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň şahamçalarynyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilendir.