Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça bäsleşik yglan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça bäsleşik yglan edildi
Arkadag şäheri, Türkmenistan

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda demir ýol menzili, awtotoplum we bellige alyş nokady, awtomobil menzili, Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasy hem-de saglyk öýüniň binasy gurlar.

Bu maksat bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýokarda agzalan binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän şäher häkimliginiň edara binasynda şu ýylyň 16-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-nji iýunda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

2022