Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we onuň dowamynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere seredildi.

Göçme mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýurtda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara, şeýle hem 28-29-30-njy iýun günleri Türkmenistanda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze şäherde ulanyljak ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglar ýagny, elektrobuslar, elektromobiller, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat gowşuruldy. Soňra bu ýerde toý sadakasy berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

2022