Hytaý tehnologiýa bazary üçin zerur metallaryň eksportyny çäklendirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý tehnologiýa bazary üçin zerur metallaryň eksportyny çäklendirer
Galliý we germaniý metallary elektronikany, ýarymgeçirijileri we gün panellerini öndürmekde zerurdyr. (Surat: economictimes.indiatimes.com)

Hytaýyň Söwda ministrligi we Gümrük gullugy 1-nji awgustdan başlap galliý we germaniý metallarynyň eksportlaryny çäklendirmek meýilnamalaryny yglan etdi. Bu ädim ýurduň milli howpsuzlygyny we bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, Söwda ministrliginiň duşenbe güni beren habaryna salgylanyp, “Bloomberg” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, galliý we germaniý metallaryny Hytaýdan daşap başlamak ýa-da dowam etdirmek isleýän eksportçylar indi ýurduň Söwda ministrliginden ygtyýarnama almak üçin ýüz tutmaly bolarlar. Bu metallary eksport edijilerden daşary ýurtly alyjylary we olaryň arzalary boýunça giňişleýin maglumatlaryň berilmegi talap ediler.

“Ikinji derejeli metallar” diýlip atlandyrylýan galliý we germaniý sink ýa-da alýumin ýaly beýleki köp ýaýran çig mallary gaýtadan işleýän zawodlaryň önümi hökmünde möçberi uly bolmadyk konsentrasiýalarda öndürilýär. Bu metallar elektronikany, ýarymgeçirijileri we gün panellerini öndürmekde zerurdyr.

Galiý we germaniý eksportyna girizilen täze çäklendirmeler Hytaýyň möhüm material üpjünçiligini kepillendirmek we tehnologiýa bazaryndaky ornuny berkitmek ugrundaky tagallalaryny görkezýär.

Bu kiçi we ýerli bazarlarda söwda akymlaryny yzarlamak kyn bolsa-da, şu ýylyň başynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan geçirilen möhüm çig mal gözlegine görä, Hytaý dünýäde galliýniň 94 göterimini we germaniýniň 83 göterimini üpjün edip, bu iki metaly iň köp eksport ediji ýurt bolmagynda galýar.

2022