“Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanyň gaz-himiýa pudagynda iri taslamany durmuşa geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanyň gaz-himiýa pudagynda iri taslamany durmuşa geçirer
“Maryazot” önümçilik birleşigi

Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanyň gaz-himiýa pudagynda iri taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekiline salgylanyp, Özbegistanyň habar agentligi “Daryo” penşenbe güni habar berdi.

Täze zawod Türkmenistanyň baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan mineral dökünleri öndürer. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 660 müň tonna ammiak we 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde Türkmenistanyň günbatar sebitinde ekologiýa taýdan arassa önümçiligi boljak geljekki zawodyň ýerleşýän ýerini kesgitlemek boýunça gözleg işlerini geçirdiler.

Ahal welaýatynyň Owadandepe sebitinde 2019-njy ýylda tebigy gazy gaýtadan işläp, senagat derejesinde sintetiki benzini öndürýän we Ýewro-5 standartyna laýyk gelýän dünýädäki ýeke-täk zawod işe girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022