FAO: Iýun aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary arzanlamagyny dowam etdiýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: Iýun aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary arzanlamagyny dowam etdiýär
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi iýun aýynda ortaça 122,3 bala ýetdi. (Surat: kapital.mk)

Azyk önümleriniň global bahalary iýun aýynda şekeriň, däneli önümleriň, ösümlik ýaglarynyň we süýt önümleriniň halkara bahalarynyň ep-esli peselmegi sebäpli arzanlady. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi iýun aýynda ortaça 122,3 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks şu ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 1,4 göterim peseldi.

FAO-nyň şekeriň bahasynyň görkezijisi dört aý yzygiderli ýokarlanmasyndan soň, iýun aýynda ilkinji gezek 3,2 göterim peseldi. Iýun aýynda halkara şeker bahalarynyň peselmegine esasan 2023-2024-nji ýyllarda Braziliýada şeker çig malynyň üstünlikli ýygnalmagy we dünýäde onuň importyna bolan islegiň peselmegi sebäp boldy. Tropiki Ýuwaş Ummanyň “El Niño” howa hadysasy hem bahalaryň üýtgemegine täsir etdi.

Ösümlik ýagynyň bahasy palma we günebakar ýaglarynyň arzanlamagy sebäpli maý aýyndan 2,4 göterim peseldi. Munuň tersine, ABŞ-daky gurakçylygyň ekinlere ýetirip biljek zyýany baradaky aladalar dünýäde soýa ýagynyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň görkezijisi maý aýy bilen deňeşdirilende 2,1 göterim, geçen ýyldan bäri bolsa 23,9 göterim peseldi. Iri däneli ösümlikleriň dünýä bahalary bäş aýyň içinde iň arzan derejesine ýetip, maý aýynda 3,4 göterim peseldi. Bu ösümlikleriň bahalarynyň pese gaçmagyna Argentina bilen Braziliýada hasyl ýygnalmagy netijesinde möwsümleýin üpjünçiligiň köpelmegi sebäp boldy.

2022