“Hazar güýji” hususy kärhanasy Türkmenistanyň döwlete degişli kärhanalary we Hytaýyň kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanyň günbatarynda tehniki uglerod öndürýän desgalary gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Hazar güýji” hususy kärhanasynyň müdiriniň orunbasary Serdarmämet Täçmämedow “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Bu taslama “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit-gaz ýataklaryndan alynýan artykmaç ugurdaş gazy tygşytly peýdalanmaga gönükdirilendir. Şeýlelik bilen, bu önümçiligiň daşky gurşawa we howa gatlaklaryna ýaramaz täsiriniň öňüni alar.
Habarda bellenilişi ýaly, peç usuly bilen tehniki uglerod öndürmek üçin niýetlenilen ýarym göçme desganyň önümçilik kuwwaty ýylda 1500 tonna barabar bolar. Önümçilik üçin esasy çig mal hökmünde ýylda 9 million kub metr ugurdaş gaz ulanylar.
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Hazar güýji” hususy kärhanasy bu taslamany durmuşa geçirmek üçin täze bilelikdäki ykdysady jemgyýeti döretmegi meýilleşdirýär.
Hytaýyň “Fushun Zhenxing Chemical Engineering Design Co.,Ltd.” kompaniýasy taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýär.