Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmagynda Mary welaýatynyň çäginde täze gümrük terminaly gurlar.
Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet gümrük gullugynyň buýurmagynda Mary welaýatynyň çäginde täze gümrük terminalyny gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 28-nji awgustyna çenli kabul edilýär.