Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň gämigurluşyk tekliplerine gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň gämigurluşyk tekliplerine gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 20-nji iýuly, Aşgabat

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen penşenbe güni geçiren duşuşygynda türkmen tarapynyň koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşyp biljekdiklerini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda Günorta Koreýada geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumynyň dowamynda Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi we koreý tarapynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo öz gezeginde ýurduň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda gaz we gazhimiýa pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga isleg bildirýändiklerini belledi.

Mundan başga-da, Kim Çžin Pýo koreý işewür düzümleriniň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo “Bitaraplyk” ordenini gowşurdy.

2022