Daşoguz welaýatynda ýerleşýän türkmen-özbek serhetýaka zolagyndaky Söwda merkeziniň gurluşygy 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlanar we 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip berler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu boýunça degişli Karara anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – söwda merkeziniň döredilmegi we onuň işini düzgünleşdirmek hakyndaky Ylalaşyga 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatdaky “Daşkent” medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyşynyň çäklerinde teleköpri arkaly “Horezm-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.
Serhetýaka söwda zolagy iki ýurduň serhetlerinde, “Daşoguz-Şawat” barlag nokadynda gurlar. Şeýle hem bu söwda zolagynda söwda pawilionlary, konteýner meýdançalary, telekeçileriň işlemegi üçin niýetlenen ýerler we ammarlar ýaly häzirki zaman infrastrukturasy dörediler.