Türkmen-özbek bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berildi

Türkmen-özbek bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berildi
Horezm we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşululary we jogapkär işgärleri teleköpri arkaly bu möhüm waka bilen çärä gatnaşyjylary gutladylar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky “Daşkent” medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyşynyň çäklerinde teleköpri arkaly “Horezm-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Serhetýaka söwda zolagy iki ýurduň serhetlerinde, “Daşoguz-Şawat” barlag nokadynda gurlar. Şeýle hem bu söwda zolagynda söwda pawilionlary, konteýner meýdançalary, telekeçileriň işlemegi üçin niýetlenen ýerler we ammarlar ýaly häzirki zaman infrastrukturasy dörediler. Bu taslama özara söwda we işewürlik gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýelär. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Horezm we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşululary we jogapkär işgärleri teleköpri arkaly bu möhüm waka bilen çärä gatnaşyjylary gutladylar.

Çäräniň dowamynda geljekde iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň gülläp ösmegine uly goşant goşjak köp sanly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirildi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iki günlik resmi sapary penşenbe güni başlandy.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022