Hindistan içerki bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli tüwi eksportyny çäklendirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindistan içerki bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli tüwi eksportyny çäklendirýär
Daýhan ekin meýdanynda tüwi hasylyny ýygnaýar (Surat: foodmanufacturing.com)

Hindistan içerki bazardaky bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen tüwiniň köp görnüşiniň eksportyny gadagan etdi. Bu barada Hindistanyň Daşary söwda boýunça baş müdirliginiň internet sahypasynda habar berilýär.

Hindistanyň Daşary söwda boýunça baş müdirliginiň internet sahypasynda çap edilen bildirişe görä, ak tüwiniň ähli görnüşleriniň eksporty çäklendiriler. Şol bir wagtyň özünde “basmati” görnüşli tüwiniň eksportyna rugsat berler.

Bildirişde bellenilişi ýaly, tüwi bildirişiň çap edilmezinden öň ugradylyp başlanylan we ugratmagyň iň soňky möhleti 31-nji awgust bolan ýagdaýlarynda onuň eksportyna rugsat berilýär.

Mundan başga-da, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen import ediji ýurduň hökümetiniň ýüz tutmasy esasynda we Hindistanyň hökümetiniň rugsady bilen beýleki ýurtlar üçin tüwiniň eksportyna rugsat berler.

“Bloomberg” agentliginiň habaryna görä, dünýäniň tüwi eksportynyň 40 göterimi Hindistanyň paýyna düşýär we Aziýada tüwiniň bahasy soňky iki ýylda iň ýokary derejä ýetdi. “El Niño” howa hadysasynyň başlanmagy bilen ekinlere zyýan ýetirilmegi we ekin meýdanlarynda guraklygyň emele gelmegi sebäpli import edijiler tüwi ätiýaçlyklaryny artdyrýarlar.

Hindistanyň Azyk ministrliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylda Nýu-Deli şäherindäki beýleki önümleriň umumy bahasy ortaça 8 göterim, tüwiniň bahasy bolsa ortaça 15 göterim ýokarlandy.

2022