Türkmenistandan Hytaýyň Şenžen şäherlerine ýük gatnawlary başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistandan Hytaýyň Şenžen şäherlerine ýük gatnawlary başlady
Gümrük işgärleriniň “Baoan” halkara howa menzilinde ýükleri barlaýan pursady (Surat: cgtn.com)

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Hytaýyň Şenžen şäherine ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady. Bu barada Hytaýyň CGTN agentligi duşenbe güni habar berdi.

Şenžen şäherinden Aşgabat şäherine ýük gatnawy Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ilkinji göni halkara ýük ugry bolup durýar.

Elektron önümleri, egin-eşikleri we beýleki harytlary alyp barýan ilkinji ýük uçary 23-nji iýulda Şenžen şäheriniň “Baoan” halkara howa menzilinden ugrady.

Bu gatnawlar “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlarynda hepdede bir gezek uçuş ýygylygy bilen amala aşyrylar.

Täze ýük ugry Şenžen şäherinden Merkezi Aziýa ilkinji ugur bolup, ol Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdany ösdürmäge ýardam bermegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022