Türkmenistan Transhazar gaz geçirijisi taslamasyna ygrarlydygyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Transhazar gaz geçirijisi taslamasyna ygrarlydygyny tassyklady
Transadriatik gaz geçirijisiniň turbalarynyň düşürilýän pursady, Durres, Albaniýa (Surat: tap-ag.com)

Türkmenistan tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna akdyrmaga şert döretjek Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna ygrarly bolup galýandygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy soňky wagtlar halkara habar beriş serişdelerinde türkmen tebigy gazyny günbatar bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berjek bu taslama boýunça pikir-garaýyşlaryň ýygjamlaşyp başlandygyna ünsi çekip, bu mowzuga obýekiw we anyk faktlar bilen garamagyň zerurdygyny belleýär.

Ähli taraplaryň bähbidi

Türkmenistanyň başlangyjy bilen orta atylan Transhazar gaz geçirijini gurmak baradaky pikire resmi Aşgabat diňe bir ykdysady we täjirçilik nukdaýnazardan amatly taslama hökmünde garaman, eýsem öndürijileriň, sarp edijileriň we tranzit ýurtlaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutýan bu taslamany energiýa ugurlarynyň diwersifikasiýasy we global energiýa howpsuzlygy babatda hem möhüm hasaplap gelýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşjak taraplaryň ählisi munuň bilen ylalaşýarlar diýip, DIM belleýär.

2008-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek — 2008-nji we 2013-nji ýyllarda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly kararnamalar kabul edildi.

Şular ýaly anyk halkara hukuk resminamalary arkaly, Türkmenistan Transhazar gaz geçirijisi taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan syýasy, maliýe we guramaçylyk şertlerini döretmek babatda iş geçirdi. Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmi ýola goýuldy.

Dowamly öňe gidýär

Ýewropa Bileleşigi hem Hazaryň energiýa çeşmeleriniň günbatar bazarlaryna çykarylmagy babatda ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Ýewropanyň energiýa kompaniýalarynyň, banklarynyň we beýleki maliýe edaralarynyň gatnaşmagynda Hazar ösüş korporasiýasyny döretdi. Ýewropa Bileleşiginiň ygtybarly taslamalaryň hatarynda Transhazar gaz geçirijisini hem görkezdi.

Umuman aýdylanda, Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk halkara syýasy hem-de funksional goldaw bilen dowamly we iş ýüzünde öňe gidýär diýip, Türkmenistanyň DIM-i belleýär.

2018-nji ýylda Hazarýaka döwletleriniň arasynda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bolsa bu taslamanyň hukuk kadalaryny berkidýän binýatlyk resminama bolup durýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň astynyň ýazgysynyň ýazylmagy we onuň karta geçirilmegi bilen gönümel baglanşyklydyr. Şeýle hem Türkmenistan bu gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça hiç-hili syýasy, ykdysady we maliýe päsgelçilikleriň ýokdugyna ynanýar.

2022