Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy bolan "GS1 Türkmenistan" kompaniýalary we harytlary “Global Registry” öndürijileriň hem-de satyjylaryň halkara katalogynda hasaba almak boýunça işe başlady. Bu barada guramanyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu iş dünýädäki bölek satuw bilen meşgullanýanlaryň we GS1 halkara guramasynyň standartlaryny ulanýan dünýä markalarynyň öňdebaryjy öndürijileriniň täze global başlangyjy bilen baglanyşykly bolup durýar.
"Global Registry" düşünjesi 2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda işe girizilip, ol önüm öndürijiden sarp edijä çenli üpjünçilik zynjyrynda açyklygy üpjün edýän we galp önümlere garşy göreşýän halkara önüm katalogyny döredýär.
"GS1 Türkmenistan" guramasyndaky kämilleşdirilen haryt maglumat bazasy önüm baradaky maglumatlary birnäçe gezek girizmek çykdaýjylaryny azaltmaga, ýüze çykýan ýalňyşlyklary aradan aýyrmaga we üpjünçilik zynjyrynda haryt barada maglumatlaryň yzygiderliligini üpjün etmäge, şeýle hem sarp edijilere harytlaryň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalar boýunça maglumatlara awtomatiki gözegçilik etmäge ýardam berer.
Bu ugurda işlemek üçin türkmen kompaniýalary we öndürijileri guramany belli bir nusga boýunça öndürilen önümleriň suratlary bilen üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy 2014-nji ýylyň 27-nji martynda döredildi. 2015-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy Brýussel şäherinde baş binasy bolan GS1 halkara guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we “GS1 Türkmenistan” brendini peýdalanmaga hukuk aldy. Dünýäniň 119 sany milli guramasy GS1 halkara guramasyna agzadyr.