Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Ösümlikleri gorap saklamak boýunça Döwlet gullugy üçin umumy bahasy 9 müň 560 ýewro deň bolan 25 sany karantin harytlaryny barlamak işinde ulanylýan ýörite fitosanitar gurallar toplumyny gowşurdy.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň habar bermegine görä, bu gurallar toplumy BOMCA 10 tarapyndan Türkmenistanyň degişli edaralarynyň tehniki esaslaryny has-da berkitmek baradaky ýörite buýurmasy esasynda satyn alnandyr.
Habarda bellenilişi ýaly, bu gurallar toplumy ýurduň serhet geçelgeleriniň arasynda paýlanylyp, olar karantin önümlerini, ulaglary, agaç gaplary we berkidiji materiallary ýerüsti gözden geçirmäge ýardam berer.
BOMCA Maksatnamasynyň baş ýörelgesi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olara goňşy döwletleriň özara ykdysady ösüşine hem-de bu sebitiň ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüşine we durnuklylygyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar.