Türkmenbaşy-Alýat ugry boýunça daşalýan konteýnerleriň mukdary üç esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy-Alýat ugry boýunça daşalýan konteýnerleriň mukdary üç esse artdy
Türkmenbaşy halkara deňiz porty

Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Azerbaýjanyň Alýat portunyň arasynda daşalýan konteýnerleriň umumy sany şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda takmynan üç esse artdy. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň metbugat gullygy habar berdi.

Hasabat döwründe bu ugur boýunça daşalan konteýnerleriň umumy sany 2 müň 362 TEU barabar boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,9 esse köpdür.

Daşalan konteýnerleriň umumy mukdarynyň 25 göterimi Türkmenistanyň importynyň, 34 göterimi bolsa eksportynyň paýyna düşýär. Şu ýylyň alty aýyndaky daşalan konteýnerleriň umumy sanynyň 41 göterimi bolsa üstaşyr konteýnerleridir.

Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdalar jemgyýetiniň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 1150,50 müň tonna ýük daşaldy we ýük daşamalarynyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 31,4% ýokarlandy.

2022