Ýanwar-iýun: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy $5,55 milliarda deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýun: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy $5,55 milliarda deň boldy
"China Petroleum & Chemical Corporation" kompaniýasynyň tehnologiki işgärleriniň Hytaýyň Henan welaýatynyň Puýan şäherindäki önümçilik desgasyny barlaýan pursady (Surat: Tong Jiang/China Daily)

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 5,55 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,3 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugynyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Türkmenistan Hytaýa geçen alty aýyň dowamynda 5,07 milliard ABŞ dollaryndan gowrak önüm iberdi we şolardan tebigy gaz eksporty 5,05 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Şeýle hem bu döwürde Türkmenistan 476 million ABŞ dollaryndan gowrak hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

2022