Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilelikdäki kärhanalary döretmegi meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilelikdäki kärhanalary döretmegi meýilleşdirýärler
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn sammiti, 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty, Aşgabat (Surat: prezident.tj)

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Döwlet Baştutanlary dokma, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda anna güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän "Arkadag" myhmanhanasynda geçirilen sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada üç ýurduň önümçilik we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady tassyklanyldy.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary höweslendirmäge we sebitiň abadançylygyna hyzmat edýän ähli ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleri we taslamalary goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, energiýa, logistika we üstaşyr pudagyndaklaryndaky hyzmatdaşlyk, nyrhnamalary has-da gowlandyrmak, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we Amyderýanyň suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak meselelerine garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022