Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 87 million 808 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropileni satyn aldylar.
Şeýle hem Türkiýäniň, BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, dürli görnüşli dokma we tüýjümek önümleri, nah mata hem-de nah ýüplügi, agardylan pagta süýümini, dokma önümleriniň galyndylaryndan regenerirlenen süýümi satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.