TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $40 milliona golaýlady

TDHÇMB
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $40 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Çarşenbe güni, 11-nji sentýabrda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de Ukraýina döwletleriniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, “SN-350” kysymly başlangyç ýagy şeýle-hem “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden “ECO 93” kysymly ulag benzini, ýerli hususy kärhanasyndan dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri hem-de nah ýüplükleri satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 428 000,00 manada we 39 360 910,5 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

2022