Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan (SNGIZ) 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Özbegistana, Owganystana, Gruziýa, Birleşen Arap Emirliklerine nebit önümleri eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň geçen ýedi aýynda benziniň 24,5 müň tonnasy Özbegistana, dizel ýangyjynyň 60 müň tonna golaýy Özbegistana we Owganystana, agyr wakuum gazoýlynyň 20 müň tonnasy Gruziýa, mazudyň 1500 tonnasy bolsa Birleşen Arap Emirliklerine eksport edildi.
Şeýle hem Lebap welaýatynyň bu iri senagat kärhanasynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda çig mallaryň 265,3 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 106 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe SNGIZ-de dürli kysymly benziniň 108,3 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 65,2 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 16 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň hem 11,4 müň tonna golaýy we mazudyň 1500 tonnasy öndürildi.
SNGIZ-iň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy. Şeýle hem bu ýerde 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.