Gruziýanyň uçar ýangyjy boýunça importynyň 44,1%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýanyň uçar ýangyjy boýunça importynyň 44,1%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär
Ýerüsti gullugynyň işgäri Berliniň Tegel howa menzilinde Airbus A32 uçaryna ýangyç guýýar, 2019-njy ýylyň 13-nji marty, Germaniýa (Surat: Bloomberg/Krisztian Bocsi)

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda uçar ýangyjynyň 29,6 müň tonnasyny Gruziýa eksport etdi. Bu bolsa hasabat döwründe Gruziýanyň import eden uçar ýangyjynyň umumy mukdarynyň 44,1 göterimi bolup durýar. Bu barada Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesine salgylanyp, “Business Media Georgia” penşenbe güni habar berdi.

Gruziýa şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi 67 müň 100 tonna uçar ýangyjyny import etdi. Şeýlelikde, bu önümiň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,7 göterim peseldi.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ýedi aýynda Gruziýanyň uçar ýangyjy boýunça importynyň 25,8 göterimi (17,3 müň tonna) Azerbaýjanyň, 15,3 göterimi (10,3 müň tonna) Gresiýanyň, 10 göterimi (6,7 müň tonna) Türkiýäniň we 4,8 göterimi (3,2 müň tonna) Maltanyň paýyna düşýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti geçen ýylyň oktýabr aýynda Tbilisi şäherinde türkmen nebit önümleriniň üstaşyr daşalmagynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek we olaryň göwrümini ýokarlandyrmak, şeýle-de türkmen nebit önümleriniň importy, olary gaýtadan işlemek hem-de saklamak bilen baglanyşykly infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdy.

2022