IEA: Şu ýyl nebitiň dünýädäki bahasy ýokarlanyp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
IEA: Şu ýyl nebitiň dünýädäki bahasy ýokarlanyp biler
“Saudi Aramco” nebit we gaz kompaniýasynyň inženerleri Saud Arabystany Patyşalygynyň gündogaryndaky iş ýerlerinde (Surat: AFP)

Nebitiň bahasy iýun aýynyň ahyryndan bäri takmynan 20 göterim ýokarlandy, emma bu görkeziji şu ýyl ýene-de ýokarlanyp biler diýlip, Halkara energetika agentligi tarapyndan (IEA) anna güni çap edilen “Oil Market Report - August 2023” atly hasabatda habar berilýär.

Halkara energetika agentligi bahalaryň ýokarlanmagynyň global nebit gorlarynyň azalmagy, OPEK + agzalarynyň önümçiliginiň azalmagy, şeýle hem isleg derejesi ýaly birnäçe ýagdaýlara baglydygyny belleýär.

Nebitiň arzanlamagynyň öňüni almak maksady bilen OPEK ýurtlary, şol sanda Russiýa aprel aýynda ýylyň ahyryna çenli günde 1,6 million barrelden gowrak önüm çykarmak barada karara geldiler. Iň uly nebit öndüriji Saud Arabystany nebit önümçiligini azaltmak başlangyjyna iýul aýynda meýletin başlady. Mundan başga-da, OPEC+ guramasynyň nebit önümçiligini azaltmak boýunça maksatlary 2024-nji ýyla çenli uzaldyldy.

"OPEK+ üpjünçiliginiň azaldylmagy gowlaşýan makroykdysady tendensiýalar we dünýädäki islegiň ýokary bolmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy” diýlip, Halkara energetika agentliginiň aýlyk hasabatynda bellenilýär we geçen aý dünýädäki nebit bahalarynyň 2023-nji ýylda iň ýokary derejä ýetendigi aýdylýar.

Mundan başga-da, IEA iýun we awgust aýlarynda dünýädäki nebit isleginiň iň ýokary derejä, ýagny günlik 103 million barrele ýetendigini we ýakyn aýlarda bolsa bu ösüşiň dowam edip biljekdiginiň çaklanýandygyny mälim etdi. Netijede, 2023-nji ýylda ortaça günlik islegiň 102,2 million barrele ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 2,2 million barrel ýokarydyr.

Şeýle-de bolsa, IEA-nyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda bu önüme isleg peseler we günde 1 million barrele barabar bolar. Bu çaklama dünýä ykdysadyýetiniň pandemiýadan soňky dikelişiniň tamamlanmagy we energiýa geçişiniň tizleşdirilmegi baradaky pikire esaslanýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022