Türkmenistan Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek oba hojalygynyň biznesi boýunça sammite gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek oba hojalygynyň biznesi boýunça sammite gatnaşar
Garpyz meýdany, Jalal-Abad welaýaty, Gyrgyz Respublikasy (Surat: FAO)

Türkmen wekiliýeti 27-29-njy awgust aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl sebitinde geçiriljek “Merkezi Aziýada oba hojalygynyň biznesi: Integrasiýa. Kämilleşdirme. Üstünlik” atly halkara sammite gatnaşar.

Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, sammit ýurduň Bosteri obasyndaky “Baýtur” toplumynda geçiriler. Sammitiň dowamynda esasan hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň agrosenagat toplumynda dik we keselýin integrasiýanyň netijeli modelleri ara alyp maslahatlaşylar.

Tematiki bölümlerde geçiriljek plenar sessiýada we ussatlyk sapaklarynda maliýeleşdiriş modelleri, däne pudagynda ösüş strategiýalary, ýeralma, süýt we et öndürmek boýunça işewürlik, şeýle hem oba hojalygynyň önümçiligini gowulandyrmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalar ýaly mowzuklara garalar.

Sergi ekspozisiýasynyň çäginde oba hojalygy boýunça biznesiň hünärmenleri bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen dürli çözgütler we teklipler bilen tanşyp bilerler.

Bu sammit daýhanlar, oba hojalygy kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, oba hojalygy pudagyny enjamlar we önümçilik serişdeleri bilen üpjün edijiler, işewür birleşikleriniň, döwlet edaralarynyň, maliýe pudagynyň, şeýle hem gaýtadan işleýän kärhanalaryň we söwdanyň wekilleri üçin niýetlenendir.

Mundan başga-da, sammitiň gurnaýjylary Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan ýaly dürli ýurtlardan 300-e golaý wekiliýetiň bu halkara çärä gatnaşmagyna garaşýarlar.

Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek halkara sammit oba hojalygy tehnikasy boýunça dünýädäki iň uly AGRTIECHNICA sergisiniň öňüsyrasynda geçiriler. Bu sergi Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalygy ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň resmi goldawy bilen amala aşyrylýar.

2022