Türkmenistanda dürli görnüşli kagyz gaplama önümçiligini alyp barýan “Ýedidogan” haryt nyşanly kärhana aýda 2 million sany klapanly we açyk kraft kagyz torbalary öndürmäge ukyplydyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Şeýle hem 2017-nji ýylda işe girizilen bu kärhana günde 1 tonna dolag kagyzlaryny, sagatda 13 müň sany aşagy dörtburç, tutawaçly we tutawaçsyz kagyz torbalary, minutda 350 — 500 sany “penjireli” we “penjiresiz” torbalary öndürmäge ukyply.
“Ýedidogan” haryt nyşanly kärhananyň ýolbaşçysy, telekeçi Döwran Abdyrasulowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda kagyz torbalara daşarky bazarlarda islegiň artýandygy sebäpli kärhana Özbegistanyň, Ukrainanyň we Türkiýäniň bazarlaryna eksporty ýola goýmagy, önümçiligiň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutulýar.
“Fiziki, ýuridik şahslar kärhanamyza sargyt eden kagyz torbalarynyň ýüzüne öz haryt nyşanlarynyň şekilini we ýazgysyny goýduryp bilýärler. Bu bolsa müşderilerimiz üçin “gezme mahabata öwrülýär” diýip, kärhananyň ýolbaşçysy belleýär.
Şeýle hem bu kärhana kagyz torbalary ulanmagy endige öwürmegi, şonuň bilen birlikde-de, ekomedeniýeti ösdürmegi maksat edinýär.