Energiýa akymlaryny diwersifikasiýa etmek strategiýasyna ygrarly bolan Türkmenistan Transhazar gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly maslahatyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky düşünje diňe bir ykdysady we söwda taýdan peýdaly taslama bolman, eýsem global energiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm ýagdaý hökmünde garalýar.
Türkmenistan energiýa öndürijileriniň, sarp edijileriň we üstaşyr ýurtlaryň bähbitlerine we peýdalaryna deň derejede garalmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň şu ýylyň 24-nji iýulynda ýaýradan metbugat beýanatyna görä, Türkmenistan tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna akdyrmaga şert döretjek Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna ygrarly bolup galýandygyny tassyklady.