Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) häzirki wagtda Türkmenistanda saglyk, maliýe, ulag we energetika pudaklarynda taslamalary taýýarlamak boýunça iş alyp barýar. Bu barada AÖB-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, AÖB 2024-2028-nji ýyllar aralygyna Türkmenistan üçin ýurt hyzmatdaşlygy strategiýasyny işjeň ösdürýär. Bu strategiýa Türkmenistanyň halkara bazarlaryna integrasiýasyna, hususy pudagyň ösmegine itergi bermäge, adam kapitalyny berkitmäge we ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, täze strategiýada ýurduň pes uglerodly energetika geçmekligine üns jemlener.
Maglumatlara görä, Aziýanyň Ösüş Banky Türkmenistanyň hökümetine ulag infrastrukturasynyň ulgamyny gowulandyrmakda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmekde we adam kapitalyny we hususy pudagy ösdürmekde ýardam berýär.
AÖB-nyň şu ýylyň iýun aýynda habar bermegine görä, 2024-2028-nji ýyllar üçin Ýurt hyzmatdaşlygy strategiýasy kiçi we orta kärhanalara we startaplara, döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, sanly tehnologiýalara, gün energiýasyny ösdürmäge we suw pudagyny goldamaga gönükdiriler.