Türkmen ilçisi: Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi: Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär
Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow bilen Kambojanyň Syýahatçylyk ministri Thong Khonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 14-nji awgusty, Pnompen, Kamboja (Surat: Kambojanyň Syýahatçylyk ministrligi)

Türkmenistan Kamboja Patyşalygynda ýerleşýän täze Siem Reap-Angkor Halkara howa menziline göni uçuşlary amala aşyrýan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýär diýip, Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow aýtdy. Bu barada “Cambodianess” internet neşiri sişenbe güni habar berdi.

Oturýan ýeri Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheri bolan ilçi Muhammetnyýaz Maşalow duşenbe güni Kambojanyň Patyşasy Norodom Sihamonia ynanç hatyny gowşurdy we syýahatçylyk pudagynda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýurduň Syýahatçylyk ministri Thong Khon bilen duşuşdy.

“Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň syýahatçylarynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň (ASEAN) esasy syýahatçylyk mekany we dünýä mirasy bolan Siem Reaba baryp görmekleri üçin göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär” diýip, Muhammetnyýaz Maşalow aýtdy.

Şeýle hem habarda türkmen tarapy Kambojanyň syýahatçylyk mümkinçiligini göz öňünde tutup, saparlary artdyrmak maksady bilen gatnaşyklary berkitmäge çalyşýandygy bellenilýär.

Türkmen ilçisiniň aýtmagyna görä, ol Kamboja amala aşyrýan saparynyň dowamynda Siem Reaba, şol sanda meşhur Angkor Wat we köp sanly syýahatçylary özüne çekýän möhüm taryhy ýadygärlikler bolan beýleki ybadathanalara baryp görmegi meýilleşdirýär.

Kambojanyň Syýahatçylyk ministri Thong Khon syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy goldady we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge goşant goşjakdygyny nygtady. Şeýle-de ministr syýahatçylyk hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly bilelikdäki hereket meýilnamalarynyň ýol kartasy hökmünde Özara düşünişmek Ähtnamany işläp düzmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, ilçi Muhammetnyýaz Maşalow syýahatçylyk agentliklerine degişli syýahatçylyk ugurlary tanyşdyrmak hem-de has köp milli we halkara syýahatçylary çekmek maksady bilen Kambojada we Türkmenistanda syýahatçylyk ýarmarkalaryny guramagy teklip etdi.

Kamboja Patyşalygynyň Syýahatçylyk ministrliginiň hasabatyna görä, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Kamboja 2,58 million daşary ýurtly syýahatçylary kabul etdi we ýurda ýylyň ahyryna çenli takmynan 5 million daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022