“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
RŽD-niň konteýner ýük otlusy (Surat: globalrailwayreview.com)

Russiýanyň “RŽD Logistika” kompaniýasy Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamasyny peseltmäge aýratyn üns berýär diýip, kompaniýanyň konteýner ýük daşamalary boýunça direktory Aleksandr Siwersew aýtdy. Bu barada “RŽD Logistika” kompaniýasy çarşenbe güni habar berdi.

Aleksandr Siwersew Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça eksport-import ýükleriniň ugradylmagy boýunça nyrhnamalaryň geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse azalmagy RŽD üçin uly üstünlikdigini aýtdy.

Şeýle hem kompaniýanyň konteýner ýük daşamalary boýunça direktory kompaniýanyň iberiş geografiýasyny has-da giňeltmegi we ýurduň ähli sebitlerini bu ulag geçelgesine goşmagy meýilleşdirýändigini belläp geçdi.

Mundan başga-da, Günorta Ural demir ýoly kompaniýasynyň “Formaçewo” menzilinden ugradylýan dördünji konteýner ýük otlusy döredildi. Otly ilkinji gezek Akýaýla (Türkmenistan) - Inçeburun (Eýran) serhet geçelgesinden geçer. Bu bolsa eltip bermek wagtyny birnäçe gün azaldar.

Sarahs serhet geçelgesiniň üsti bilen Günorta Ural demir ýoly menzilinden Eýranyň Bandar Abbas deňiz portuna konteýner otlylaryny ibermek hyzmatynyň çägi boýunça täze ugur goşuldy. Bu hyzmat eýýäm her aý amala aşyrylýar we ol ýükleriň dürli görnüşlerine gönükdirilendir.

Ozal RŽD-nyň Baş direktory Oleg Belozýorow Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň şu ýyl Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Gazagystan bilen Türkmenistanyň üsti arkaly 1 million tonna ýük daşamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

2022