RŽD Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesi boýunça 1 million tonna ýük daşamakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
RŽD Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesi boýunça 1 million tonna ýük daşamakçy
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 14-17-nji iýun aralygynda geçirilýär (Surat: newscentralasia.net)

Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ şu ýyl Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Gazagystan bilen Türkmenistanyň üsti arkaly 1 million tonna ýük daşamagy meýilleşdirýär diýip, RŽD-nyň Baş direktory Oleg Belozýorow Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň dowamynda aýtdy.

“Bu ýyl biz Gazagystanly, Eýranly we Türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen demir ýol arkaly 1 million tonna ýük daşamagy ylalaşdyk” diýip, Oleg Belozýorow belledi. Bu barada ”News Central Asia” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçelgäniň gündogar şahasynyň gurluşygy tamamlandy we demir ýoluň günbatar şahasyndaky 162 kilometr uzynlykdaky Raşt-Astara demir ýoly Eýran bilen bilelikde gurlar.

Şeýle hem RŽD-nyň Baş direktory Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäginde şu ýylyň bäş aýyndaky demir ýol ýük daşamalarynyň 42 göterim ýokarlanyp, 4 million tonna ýetendigini mälim etdi. Oleg Belozýorow geçelgäniň mümkinçiligine kanagatlanma bildirip, 100 million tonna ýetjekdigini çaklady. “Geçen ýyl Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi ýurt üçin strategiki ähmiýetini görkezdi we biz ony has işjeň ösdürmeli” diýip, RŽD-nyň Baş direktory Oleg Belozýorow nygtady.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi 18-19-njy maý aralygynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” atly XIV halkara ykdysady forumynda aýtmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleri 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça logistika taslamasy üçin umumy serişdeleriň 2 trillion ABŞ dollaryndan geçmegine garaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022