Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) şu ýylyň 25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2023) atly 28-nji halkara maslahatyna gatnaşýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada “Trend” agentligi şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda OPEC-e guramanyň nebit gözleg bölüminiň başlygy Behroz Baýkalizade wekilçilik eder.
Şeýle hem OPEC bilen bir hatarda, “Dragon Oil”, CNPC, “Petronas”, “William Johnson International Trade and Services FZCO” we KAMAZ ýaly kompaniýalar “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 28-nji halkara maslahatyna gatnaşýandygyny tassykladylar.
Bu forum “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalýar. “Turkmen Forum” HJ we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bolsa çäräniň gurnalmagynda hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.
OGT-2023 atly halkara foruma we sergä öňdebaryjy halkara energiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we dünýäniň öňdebaryjy maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklaryna, şeýle hem olaryň özara tejribe alyşmaklaryna we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebitleýin we global tendensiýalary ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.