Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 30 göterim artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 30 göterim artdy
Baku deňiz porty, Azerbaýjan (Surat: Baku portunyň metbugat gullugy)

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň 2022-nji ýylyň aprel aýyndan 2023-ni ýylyň aprel aýy aralygyndaky söwda dolanyşygy 52 million funt sterlinge barabar bolup, geçen döwür bilen deňeşdirilende 30 göterim ýa-da 12 million funt sterling artdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti anna güni habar berdi.

Hasabat döwründe Beýik Britaniýanyň Türkmenistana eksportynyň umumy bahasy 37 million funta deň boldy. Bu görkeziji 2021-2022-nji ýyllaryň degişli döwri bilen deňeşdirilende bir million funt ýokarydyr. Beýik Britaniýanyň umumy eksportynyň 15 million funty harytlara (40,5 göterim), 22 million funty bolsa hyzmatlara (59,5 göterim) deňdir.

2022-nji ýylyň aprel aýyndan 2023-ni ýylyň aprel aýy aralygynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandan importy öňki döwür bilen deňeşdirilende 400 göterim ýokarlandy (12 million funt) we 15 million funta barabar boldy.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandan importynyň 10 million funty harytlara (66,7 göterim), 5 million funty bolsa hyzmatlara (33,3 göterim) barabardyr.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadan import eden esasy harytlarynyň toparynyň arasynda himiki serişdeler, umumy senagat tehnikasy, uçar we elektrik önümleri bardyr. Türkmenistanyň Beýik Britaniýa eksport eden esasy harytlarynyň arasyna bolsa organiki däl himiki maddalar, mehaniki kuwwat generatorlary, umumy senagat enjamlary we metal magdanlary girýär.

2022