Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa we ter önümlerden gaplanan azyk harytlaryny öndürýän “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetinde “TERi” haryt nyşany bilen kakadylan pomidorlar taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň žurnalisti Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren habaryna görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda Daşoguz welaýatynda esaslandyryldy.
“Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nurmuhammet Baljaýewiň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda bu kärhanada pomidor goýutmasy, pomidor şiresi, ajyka, üwmeç, kakadylan pomidorlar, marinadalanan gök önümler, miwe içgileriniň 30-dan gowrak görnüşi we mürepbeleriň 6 görnüşi öndürilýär. Bu ýerde önürilýän guradylan pomidor kaklary örän ýokumly önüm bolup, diňe bir Türkmenistanda däl-de, daşary ýurtlarda hem uly islege eýedir diýip, Nurmuhammet Baljaýew gürrüň berýär.
“Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetiniň Daşoguz şäherinde ýerleşýän önümçilik toplumynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty gaplanan önümleriň 5 million şertli gabyna deň bolup, häzirki wagtda bu ýerde gök önümleriniň we miweleriň gaplamalarynyň ýylda 1,5 milliondan gowrak şertli gaby öndürilýär.
Bu kärhana bölünip berlen 10 gektara barabar ýer böleginde pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle hem önümçilikde ulanylýan pomidor, gök-bakja ekinleri we miweler ýerli daýhanlardan satyn alynýar.