Türkmenistandaky hususy notariuslaryň hyzmatlary üçin tölegleriň möçberi we tertibi tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistandaky hususy notariuslaryň hyzmatlary üçin tölegleriň möçberi we tertibi tassyklanyldy
Resminamalaryň möhürlenýän pursady (Surat: TRT Haber)

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji we 39-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanda hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin alynýan tölegleriň möçberi we olary almagyň tertibi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligi habar berdi.

Hususy notariuslaryň amala aşyrylan notarial hereketleri üçin alynýan tölegleriň möçberi we olary almagyň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda çylaran 34-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyldy.

Buýruga görä, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň buýrugynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda tassyklanan “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 45-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak, ony girewine goýmak baradaky geleşikleri tassyklamak, 2-nji, 3-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen notarial hereketlerini amala aşyrmaklyk bilen bagly alynýan tölegleri 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizmeli edildi. 

Şeýle hem buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeklik Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary S.Jumaýewe, welaýat adalat bölümleriniň, Arkadag şäheriniň adalat müdirliginiň we Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň müdirlerine tabşyryldy.

Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin, notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler alynýar. Alnan töleg her bir notarial taýdan tassyklanan resminamada görkezilýär we hususy notariusyň ýörite bank hasabyna geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022