Ýanwar-iýul: türkmen-özbek söwda dolanyşygy $492,4 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýul: türkmen-özbek söwda dolanyşygy $492,4 milliona deň boldy
Harytlaryň ýük otlysynyň wagonlaryna ýüklenilýän pursady (Surat: Railway.uz)

Türkmenistanyň Özbegistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 492,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 383,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 109,1 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň 2023-nji ýylyň ýedi aýynda daşary söwda dolanyşygy 35 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,6 million ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 23,3 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 926,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022