Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek boýunça täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar.
Taraplar ýangyç-energetika ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda energetika ulgamynda dürli derejede ozal gazanylan ylalaşyklary we şertnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň köp ugurlar boýunça dünýä döwletlerine, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlara ibermek işini işjeňleşdirmek barada hem aýratyn durlup geçildi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň baý tebigy serişdeleriniň we bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de eksport kuwwatynyň dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Özbegistanyň energetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen geçirilen duşuşykda bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda energetika geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.