Türkmenistanyň Söwda toplumy boýunça öndürilen önümleriň ösüşi 102,8%-e deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Söwda toplumy boýunça öndürilen önümleriň ösüşi 102,8%-e deň boldy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergi, 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabry, Aşgabat Türkmenistan

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,8 göterime barabar boldy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Wise-premýer şu ýylyň ýedi aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104 göterime, Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň öndürilişiniň 103 göterime, nah matalaryň 107,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň 101,3 göterime, gön önümleriniň bolsa 114,2 göterime barabar bolandygyny habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýylyň başyndan bäri birža söwdalarynyň 172-si geçirilip, 18 müň 85 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111,3 göterime, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 110,8 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, täze önümçilikleri döretmek, eksport edilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň, eksport we import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibini, baha emele getirmegiň usulyny kämilleşdirmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýerleriň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.

2022