Owganystan magdanlary özleşdirmek üçin $6.5 milliarda barabar şertnamalary baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan magdanlary özleşdirmek üçin $6.5 milliarda barabar şertnamalary baglaşdy
Owganystanda ýedi magdany özleşdirmek üçin şertnamalara gol çekiliş dabarasy (Surat: "The Khaama Press" agentligi)

Owganystanyň Magdan we Nebit ministrligi penşenbe güni ýurtda ýedi magdany özleşdirmek üçin umumy bahasy 6,5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan şertnamalara gol çekdi. Bu barada “TOLOnews” owgan teleýaýlymy habar berdi.

Şertnamalara gol çekmek dabarasyna Owganystanyň ykdysady meseleler boyunça Premýer-ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar we ýurdyň beýleki resmileri hem gatnaşdy.

Dabaranyň çäginde geçirilen metbugat ýygnagynda Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar magdanlar boýunça şertnamalar baglaşylanda açyklygyň üpjün edilendini aýtdy. Şeýle hem ministr ýurtda magdanlaryň bikanun çykarylyşynyň we olaryň gadagan ýollar arkaly satylmagynyň öňüni almak üçin çäreleriň geçirilendigini belläp geçdi.

Ministriň aýtmagyna görä, “China-Afghanistan Company” we “Zarawar Afghanistan Private Company” kompaniýalary Tahar welaýatynda ýerleşýän 12 kwadrat kilometr meýdany tutýan altyn magdanyny özleşdirmek üçin 310 million ABŞ dollaryny maýa goýarlar.

Şeýle hem, 240 kwadrat kilometr meýdany tutýan ikinji Mes Aýnak magdanyny özleşdirmek boýunça şertnama “Turia” hususy kompaniýasy bilen baglaşyldy. Kompaniýanyň bu taslama 411 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýmagyna garaşylýar.

Owganystanyň Magdan we Nebit ministrligi “Watan Darakhshan Company” bilen ýurdyň Herat welaýatyndaky Gorýan demir magdanynyň birinji bölegini özleşdirmek üçin şertnama gol çekdi. “Saheel Middle East Mining & Logistics Company” halkara kompaniýasy owgan hyzmatdaşy “Dara-e-Noor" we “Epcol” türk kompaniýasy bilen bilelikde Gorýan demir magdanynyň ikinji bölegini özleşdirerler. Bu magdanyň üçinji bölegini “Shams” owgan kompaniýasy we “GBM” hem-de “AD Resources” britan kompaniýalary özleşdirerler. Owganystanda hereket edýän “Bakhtar Steel Company” we “Ahya Sepahan” hem-de “Persian” eýranly kompaniýalary Gorýan demir magdanynyň dördünji bölegini özleşdirerler. Bu dört bölegiň özleşdirilmegi boýunça baglaşylan şertnamalaryň möçberi 5.41 milliard ABŞ dollaryndan ýokarydyr.

Şeýle-de, “Afghan Invest” kompaniýasy bilen Gor welaýatynyň Tulak etrabynda ýerleşýän gurşun magdanyny özleşdirmek boýunça şertnama gol çekildi. Bu kompaniýanyň magdana 537 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýmagyna garaşylýar.

Owganystanyň Magdan we Nebit ministrliginiň 2019-njy ýylda çap eden hasabatyna görä, ýurtda takmynan 1 trillion ABŞ dollaryna barabar magdan baýlyklary bar.

2022