“Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýetinde şu ýyl 70 tonna golaý şetdaly hasyly hem-de 23 tonna alma hasyly ýygnaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
“Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýetiniň direktory Sapar Dolyýewiň gürrüň bermegine görä, kärhana Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden 200 gektar ýer bölünip berildi.
“Ilki şol meýdanyň topragynyň düzümini öwrendik. Degişli hünärmenler bilen maslahatlaşyp, toprak-howa şertlerimize tiz uýgunlaşjak miweli baglaryň nahallaryny daşary ýurtlardan getirip oturdýarys. Türkiýeden getirilen şeýle nahallaryň 250 müň düýbüni oturtdyk” diýip, Sapar Dolyýew Türkmenistanyň resmi metbugatyna gürrüň berdi.
Bu hojalyk jemgyýetiniň umumy meýdanynyň 100 gektar meýdanyny çereşnýa bagy, 17,5 gektar meýdanyny şetdaly bagy, 25 gektar meýdanyny bolsa alma bagy tutýar.
Şeýle hem “Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýetiniň 35 gektar meýdanynda badam bagy bolup, ondan şu ýyl 15 tonna golaý hasyl almak meýilleşdirilýär.