Seýsmiki izolýatorlar: Binalary ýertitremeden goramagyň täze usuly

Nurmyrat Mommaýew
Seýsmiki izolýatorlar: Binalary ýertitremeden goramagyň täze usuly
“Freyssinet” kompaniýasynyň hünärmenleriniň seýsmiki izolýatorlary gurnaýan pursady (Surat: “Freyssinet” kompaniýasy)

Ýertitremeler dünýädäki iň töwekgelçilikli tebigy betbagtçylyklaryň biridir. Olar birden peýda bolup, binalara we infrastruktura zeper ýetirip bilýär, adam pidalaryna getirip bilýär. Şeýle-de bolsa, seýsmiki izolýasiýa bilen baglanyşykly soňky oýlap tapyşlar bu howplara garşy göreşmek üçin geljegi uly çözgütleri hödürleýär.

Seýsmiki izolýatorlar binalary ýertitremeleriň zyýanly täsirlerinden goramak üçin niýetlenilen enjamlardyr. Olar binalara ýertitremä görä erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär hem-de şol ýertitremeden gelýän zeperi azaldýar. Şeýlelikde, seýsmiki izolýatorlar binalaryň ýertitremä garşy durmak güýjüni ýokarlandyrýar we adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda ýertitremä çydamly desgalaryň gurluşygynda seýsmiki izolýatorlar has köp ulanylýar. Hususan-da, hassahanalary, mekdepleri, köprüleri we beýleki möhüm infrastruktura desgalaryny gurmakda seýsmiki izolýatorlardan giňden peýdalanylýar. Bu ulgam diňe bir binalary güýçlendirmän, eýsem jemgyýetiň howpsuzlygynyň we durmuş derejesininiň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Fransiýanyň “Freyssinet” kompaniýasy: seýsmiki izolýatorlary öndüriji

Seýsmiki izolýasiýa tehnologiýalaryny öndüriji “Freyssinet” kompaniýasy bu ugurdaky öňdebaryjy işleri bilen tapawutlanýar. Bu kompaniýa 1960-njy ýylyň başyndan bäri seýsmiki izolýatorlary taslamakda we öndürmekde uly orny eýeleýär. Seýsmiki izolýasiýa pudagynda “Freyssinet” kompaniýasynyň tejribesi gurluşyk pudagynda howpsuzlygy we berkligi üpjün etmek üçin wajyp hasaplanýar.

Bu kompaniýa binalaryň dürli görnüşlerine uýgunlaşdyryp bolýan we dürli zerurlyklary göz öňünde tutýan izolýatorlaryň dürli görnüşlerini işläp taýýarlaýar. Mundan başga-da, kompaniýa seýsmiki izolýasiýanyň artykmaçlyklaryny köpçülige ýetirmek we bu pudakda habardarlygy ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlary gurnaýar.

Şeýlelik bilen, “Freyssinet” ýaly oýlap tapyjy kompaniýalaryň seýsmiki izolýatorlary gurluşyk pudagynyň geljeginde möhüm orny eýelejek esasy tehnologiýalaryň biri bolup durýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022