Owganystan Hyrada türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini artdyrmak boýunça işe başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan Hyrada türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini artdyrmak boýunça işe başlady
Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynda alnyp barylýan işler (Surat: Ariana News)

Owganystanyň energetika kompaniýasy “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) resmi taýdan ýurduň Hyrat welaýatynda “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşyk işlerine başlady. Bu taslamanyň maksady Türkmenistandan elektrik energiýasynyň üpjünçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu barada Owganystanyň “Ariana News” teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.

Bu taslama Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň takmynan bahasy 3,5 million ABŞ dollaryna deň bolup, ol Owgan hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

DABS kompaniýasynyň Hyratdaky resmileri bu taslama tamamlanandan soň elektrik üpjünçilik ulgamynyň kuwwatynyň 70 megawatdan 110 megawata çenli ýokarlanjakdygyny we täze güýçlendiriji transformatoryň welaýatda elektrik ýetmezçiligini azaltmaga ýardam berjekdigini aýtdylar.

Türkmen resmileri bu taslamanyň tamamlanmagy üçin alty aý gerek boljakdygyny aýdýarlar. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekili taslamanyň ýokary hilli durmuşa geçirilmegi we onuň öz wagtynda tamamlanmagy üçin degişli işleriň alnyp baryljakdygyny aýtdy.

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň resmi wekilleri we Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy (DABS) geçen aý Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýasyna elektrik energiýasyny ibermek taslamasy boýunça gepleşikleri tamamladylar. Gepleşikleriň netijesi boýynça taraplar taslamanyň dürli jähtleri boýunça ylalaşyk gazandylar.

2022