FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
Dükanda zenanyň önüm saýlaýan pursady (Surat: gesundu.de)

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) azyk önüm baha indeksi iýul aýy bilen deňeşdirilende awgust aýynda pese düşüp, geçen iki ýylyň iň pes derejesine ýetdi. Bu barada BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi iýul aýynyň 124 baly bilen deňeşdirilende awgust aýynda ortaça 121,4 bala deň boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri iň pes dereje bolup, ol 2022-nji ýylyň mart aýynda hasaba alnan iň ýokary derejeden 24 göterim hem pesdir.

Azyk önüm baha indeksiniň umumy pese düşmegi süýt önümleriniň, ösümlik ýaglarynyň, etiň we galla önümleriniň bahasynyň arzanlamagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, Hindistandaky eksport çäklendirmeleri sebäpli FAO-nyň tüwi üçin görkezijisi geçen 15 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi.

FAO-nyň maglumatyna görä, galla önümleriniň baha indeksi iýul aýy bilen deňeşdirilende 0,7 göterm peseldi. Munuň tersine, iýul aýynda Hindistanyň tüwüniň käbir görnüşleriniň eksportyna çäklendirmeleri girizmegi netijesinde tüwi indeksi takmynan 10 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem FAO şeker indeksiniň awgust aýynda 1,3 göterim ýokarlanandygyny we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34 göterim artandygyny habar berdi. Ösümlik ýagynyň bahasy awgust aýynda 3,1 göterim arzanlady. Süýt önümleriniň bahasy bolsa 4 göterim, ýagny sekizinji aý yzygiderli peseldi.

Galla önümleriniň üpjünçiligi we islegi baradaky aýratyn hasabatynda FAO şu ýyl global galla önümçiliginiň takmynan 2,815 milliard tonna deň boljakdygyny çaklaýar. Bu bolsa öňki 2,819 milliard tonna barabar bolan çaklamadan azdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022